“TürkmenÄlem 52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasyna 8 ýyl doldy

Ýazylan 27.04.2023

Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamatly dowam edýän hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmeklige uly ähmiýet berýär. Munda Döwlet baştutany kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak, şeýle hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine diýseň uly üns berýär. Bu bolsa, ulgamyň işlerini mundan beýläk hem hil ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmeklige ýardam berýär. Şeýlelikde, şu günki günde telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ähli durmuş-ykdysady ulgamlaryna ornaşdyrylýar we olaryň ösüşine we kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasy 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Älem giňişligine çykaryldy. 52-nji orbital derejesine ýerleşeninden soňra, hemra aragatnaşygynyň dürli hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge başlady. Ilkinji ulanyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň 11 sany milli tele we radio kanallary ýokary hilde (HD) ýaýlyma berlip başlandy. Mundan başgada, ýurdumyzdaky edara-kärhanalara we daşary ýurt kompaniýalaryna VSAT hyzmatlary ýerine ýetirilip başlandy. 2018-nji ýylda, ýerine ýetirilýän hemra aragatnaşygynyň hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, dünýä belli Belgiýanyň “NewTec” kompaniýasynyň enjamlary arkaly FSS Teleporty(HUB) gurlup işe girizildi. 2018-nji ýyldan bäri, daşary ýurt belli prowaýderler emeli hemramyzdan transponderleri wagtlaýyn ulanmaga başlamak bilen, pars, urdu we dari dillerinde 120-ä golaý tele we radiokanallaryny SD we HD hilde ýaýlyma berýär. Bu bolsa “TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň dünýädäki beýleki hemra operatorlarynyň arasynda abraýynyň artmagyna hem-de, potensial müşderileriň ünsüni çekmäge uly mümkinçilik boldy. Şeýle-hem, 2020-nji ýylda emeli hemramyzda DTH platformasy işe girizilip, dünýäniň dürli dillerinde 100-den gowrak ýokary hilli telekanallary ýaýlyma berlip, telegörüjilere hödürlenip başlandy. Ýeri gelende aýtsak, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i 8 ýylyň içinde 10-larça daşary ýurt kompaniýalary bilen Hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyklar baglaşdy hem-de, “TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň hyzmatlaryndan ýurdymyzyň çäklerinde işleýän edara-kärhanalar, kompaniýalar, şeýle-de birnäçe daşary ýurt kompaniýalar giňden peýdalanyp gelýärler.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i, “TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň operatory höküminde, hyzmatdaşlaryna we müşderilerine ynam bildirýändikleri üçin öz minnetdarlygyny bildirýär!

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-niň ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen giňişleýin tanyşmak üçin www.turkmenhemrasy.gov.tm girip tanyşyp bilersiňiz.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.