“Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň FSS Teleporty, 2018-nji ýylyň 1-nji iýunyndan ulanyşa girizildi. Aşgabat şäherinden 20km demirgazykda ýerleşýär we “TürkmenÄlem 52.0E” milli emeli hemrasynyň sygymynyň kömegi bilen ulanyjylary dürli telekommunikasion hyzmatlary bilen üpjün edýär. Newtec Dialog platformasynyň üsti bilen bu teleport aşakda görkezilen hyzmatlary ýerine ýetirýär:

Emeli hemradan signaly kabul etmek ýa-da oňa ugratmak;

VNO hyzmatlar;

Emeli hemra arkaly internet hyzmaty;

Wideoşekilli konferensiýa;

MPLS hyzmatlary;

Şol sanda, TCP/IP protokolyň guramaçylygy boýunça hemranyň aragatnaşyk ýaýlymlaryny ulanýan beýleki hyzmatlar;

BIZ BILEN HABARLAŞYŇ