Ýazylan
Brusselde Ýewropa Parlamentiniň deputaty Ilhan Küçügiň guramagynda “Transhazar geçelgesi Ýewropa Bileleşiginiň strategik özbaşdaklygyny pugtalandyrýan faktor hökmünde” atly ýokary derejeli tegelek stol duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Transhazar geçelgesiniň hem-de strategik ulag meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
Duşuşyga Ýewropa Parlamentiniň deputatlary, şeýle hem Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Özbegistanyň ilçisi Gaýrat Fazilow we Gazagystanyň ilçisi Roman Wasilenko gatnaşdy.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow häzirki wagtda ulag arabaglanyşygynyň diňe tehniki mesele bolman, eýsem üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygy, strategik özbaşdaklyk we ugurlaryň diwersifikasiýasy bilen hem berk baglanyşyklydygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, Transhazar geçelgesi Ýewropa üçin Günorta Kawkaz we Hazar deňzi arkaly Merkezi Aziýa bilen birleşýän strategik ugur bolup çykyş edýär.
Ilçi bu ugruň Türkmenistanyň milli ulag syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, ýurduň geografik ýerleşişiniň diňe mümkinçilik däl-de, eýsem jogapkärçilik hem döredýändigini aýtdy. Şeýle hem ol bu geçelgäniň diňe bir ulag ýoly däl-de, portlary, demir we awtomobil ýollaryny, gümrük amallaryny, sanly çözgütleri we logistika ulgamyny öz içine alýan bitewi ulgam hökmünde garalmalydygyny nygtady.
Duşuşygyň soňunda gatnaşyjylar Transhazar geçelgesiniň Ýewropa, Merkezi Aziýa we giň Ýewraziýa giňişligindäki arabaglanyşygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetiniň artýandygyny bellediler. Şeýle hem ähli ýurtlaryň we hyzmatdaşlaryň arasynda utgaşdyrylan hyzmatdaşlygyň, maýa goýumlaryň we anyk taslamalaryň zerurdygy nygtaldy.
Источник: business.com.tm