Ýazylan
Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti 14-nji aprelde Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde öz işine başlan Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň barşynda agzalan ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we sebit taslamasynyň çäklerinde serhetleri dolandyrmak boýunça işleri kämilleşdirmek hem-de serhetleri dolandyrmakda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.
«Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň bu halkara maslahata gatnaşmagy ýurduň migrasiýa bilen bagly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň hem-de ynsanperwerlik syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr» diýlip, habarda bellenilýär.
Maslahat öz işini 17-nji aprele çenli dowam eder.