Ýazylan
AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda «Arkadag» (Türkmenistan) bilen «Al-Nasr» (Saud Arabystany) futbol klublarynyň arasynda geçiriljek duşuşyk ýurduň sport ýaýlymynyň taryhy wakasy bolar. 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda geçiriljek göni ýaýlymy guramak we dünýäniň 168 ýurdundaky tomaşaçylaryna elýeterli etmek üçin häzirki zaman telekommunikasiýa çözgütleriniň ulanylmagy maksada laýyk bolýar.
Halkara derejesindäki ýaýlymy ýaýratmak hökmünde milli aragatnaşyk hemrasy “TürkmenÄlem52°E” we Ýewropa hemra operatory “Eutelsat” çykyş edýär. Bu taryhy duşuşygy görkezmäge hukuk satyn alan 39 sany daşary ýurt mediýa ulgamlaryna ýokary hilli kontentiň iberilmegini üpjün eder.
Aşgabat şäheriniň Olimpiýa stadionynda geçiriljek duşuşykda 14 sany kameralatyň kömegi bilen ýazgy alnyp barlar, bu bolsa halkara futbol ýaryşlarynyň premium standartlaryna doly laýyk gelýär.
Taslama aragatnaşyk inženerlerini, operatorlary we IT-koordinatorlaryny öz içine alýan 220-den gowrak tehniki hünärmenleri işjeň gatnaşar. Içerki bazar üçin ýaýlymy “Türkmenistan sport” teleýaýlymy üpjün eder. Tomaşaçylara türkmen we iňlis dillerindäki sesli teswirler elýeterli bolar, bu bolsa wakanyň halkara mediýa önümi hökmünde derejesini aýdyň görkezýär.
Dünýä derejesindäki ýyldyzlaryň gatnaşmagynda şeýle uly möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ýokary derejeli sport çärelerini geçirmek we ýaýlyma bermek üçin tehnologiýa infrastrukturasynyň doly taýýardygyny tassyklaýar.