Ýazylan
Türkmenistanyň we Eýranyň wekilleri duşenbe güni Tehranda türkmen-eýran serhediniň “Saraһs–Saraһs” we “Altyn Asyr–Inçeburun” geçelgelerinde bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu maslahat, Eýranda akkreditirlenen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ilçileri bilen Eýranyň erkin söwda, senagat we ýörite ykdysady zolaklar boýunça Ýokary geňeşiniň sekretary Reza Masrur bilen geçirilen duşuşygyň çäginde guraldy.
Duşuşygyň barşynda erkin söwda, senagat we ýörite ykdysady zolaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak hem-de ýurtlaryň arasynda syýahatçylygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Çärede GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilleriniň ýolbaşçylary hem-de erkin we ýörite ykdysady zolaglaryň işini guramak bilen meşgullanýan Eýranyň wekilleri gatnaşdylar.
2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan bilen Eýran Sarahs geçelgesi arkaly ýük daşamalaryny artdyrmagy ylalaşdylar.