Ýazylan
Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Bu ýerde geçirilen mejlise Türkmenistana sapar bilen gelen Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri Oleg Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň agzalary gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Soňky ýyllarda Türkmenistan Russiýa Federasiýasy we dostlukly ýurduň sebitleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirýär. Türkmen-tatar iş toparynyň bilelikde edýän tagallalary gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam edýär. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň, hususan-da, öňe sürlen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi, şeýle hem ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki bilen ugurlary baglanyşykly meseleler girizildi.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 16-njy «BRICS» sammitine gatnaşmagy ýurduň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köptaraplaýyn esasda özara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegi maksat edinýändiginiň güwäsi boldy. Şeýle hem şu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmagy, onuň çäklerinde «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum-2025» XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy türkmen-tatar gatnaşyklaryna täze itergi berdi.
Türkmen-tatar iş toparynyň onunjy mejlisiniň çäklerinde degişli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi.