Türkmen elektrik energiýasy Hazaryň üstünden Türkiýä eksport ediler

Ýazylan

2-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkiýäniň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda işewür özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Balkan welaýatynda geçirilen täze desgalary açmak hem-de düýbüni tutmak dabaralarynyň Türkmenistanyň barha artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýändigini belledi. Ol ata Watany Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmäge goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti duşuşygyň barşynda energetika ulgamyndaky taslamalara ünsi çekip, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda gurluşygy dowam edýän, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we şol ýerden beýleki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligini döretjekdigini belledi.

Döwlet Baştutany Balkan welaýatynda gurluşygyna badalga berlen, kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge ukyply toplumyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly ähmiýetini belläp, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi.

Ahmet Çalyk bildirilýän ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryna mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.