Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar

Ýazylan

Türkmenistan wise-premýer derejesinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar. Mejlis duşenbe güni Minskde geçiriler. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlisiň gün tertibine 15 mesele girizilip, olaryň aglabasy ykdysady ugra degişli bolar. Duşuşyk däp bolşy ýaly, dar hem-de giňeldilen düzümlerde geçiriler.

Gün tertibiniň taslamasynda ylmy-tehnologik ulgamda, tokaý hojalygy we tokaý senagaty ulgamynda, sanly tehnologiýalar, oba hojalygy, gurluşyk, atom energiýasynyň parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Hökümet Baştutanlary 2030-njy ýyla çenli GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny hem-de 2026-njy ýylda Arkalaşykda Saglygy goraýyş ýylyny geçirmek boýunça taýýarlyk we çäreleriň meýilnamasynyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.