Ýazylan
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerinde internet-aragatnaşyk bilen bagly wezipelerini golaýda guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, täze döredilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine ynanyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.
Makalada bellenilişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda maslahaty geçirmek üçin saýlanyp alnan «Awaza» sport toplumynyň çäginde hem-de onuň degişli binalarynda, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde Wi-Fi ulgamynyň enjamlar toplumlary işe girizilipdir. Şeýle-de sport toplumynda ýokary hilli seslendiriş enjamlary gurnalyp, forumyň resmi web saýtyna zerur bolan serwer enjamlarydyr korporatiw elektron poçtalar üpjün edilipdir.
Türkmenistanda kärende alynýan internet akymlarynyň göwrümini giňeltmek, olaryň bökdençsiz işlemegini gazanmak maksady bilen, kärende alynýan ugurlary ätiýaçlandyrmak babatda-da zerur çäreler görlüpdir.
Myhmanhanalara barýan optiki-süýümli aragatnaşyk we içki kabelleriň çekilip, Wi-Fi ulgamynyň işe girizilendigini, otaglarynda bolsa 200-den gowrak teleýaýlyma tomaşa etmäge mümkinçilik berýän «ÄlemTV» hyzmatynyň ýola goýlandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde, syýahatçylyk zolagyna barýan ýoluň ugrunda we onuň çäginde, halkara maslahatyň geçiriljek ýerinde 4G+ tehnologiýasynyň işe goýberilmegi, öz gezeginde, öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýokary hil derejesini üpjün etmäge ýardam berer. Munuň özi bu ýerde ozal hereket edýän 4G-den iki esse ýokary tizlikli internetiň elýeterli bolandygyny aňladýar. Şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň SIM kartlaryny hem-de e-SIM kartlary bökdençsiz satyn alyp bilerler. Munuň üçin döwrebap howa menzilinde we beýleki ýerlerde müşderilere hyzmat edýän ýörite bölümleriň işi ýola goýuldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler babatda her 10 ýyldan bir gezek guraýan maslahatlarynyň üçünjisine hem-de onuň çäginde guraljak ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary, kiçi ada döwletleriniň, az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.