Ýazylan
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň ýurduň welaýatlaryndaky şahamçalarynyň täze desgalarynyň açylyş dabaralary boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň merkezinde elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançasynyň we beýleki degişli desgalaryň açylyş dabarasynda çykyş edenler ulag serişdeleriniň sürüjilerini ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara ülňülere laýyklykda taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini kämilleşdirmekde bu täze toplumyň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler. «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan gurlan awtotürgenleşik meýdançasy we desgalar jemi dört gektar meýdanda ýerleşýär. Ýöriteleşdirilen binada bir wagtda 300 diňleýjä niýetlenen okuw otaglarynyň 10-sy bar. Diňleýjileri kabul ediş we synag otaglary hem döwrebap derejede enjamlaşdyrylan. Bu ýerde lukmançylyk, iş we beýleki kömekçi otaglar-da ýerleşýär.
Balkanabat şäherinde-de awtotürgenleşik meýdançasynyň we beýleki degişli desgalaryň açylyşy boldy. Bu ýerde birbada 300 adama okuw sapagyny geçmäge mümkinçilikler döredilen. Umumy meýdany 5 gektardan gowrak bolan toplum kompýuter, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edildi.
Daşoguz şäherindäki açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim ulgamynyň wekilleri, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň jogapkär işgärleri, şeýle-de şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Welaýat merkeziniň demirgazyk künjeginde ýerleşýän täze awtoulag mekdebinde edara ediş we okuw jaýy, türgenleşik meýdançasy bar. Esasy binada ýaşlaryň awtoulaglara erk etmegi, ýol hereketiniň düzgünlerini kämil öwrenmegi üçin zerur okuw esbaplary hem-de enjamlar bilen üpjün edilen otaglaryň 20-si ýerleşýär.
Lebap welaýatynda täze desgalar toplumy we awtotürgenleşik meýdançasy welaýat merkeziniň iň gözel künjekleriniň birinde, 4 gektar meýdanda ýerleşýär. Onda 300 orunlyk awtoulaglar mekdebi, okuw jaýy, dispetçeriň otagy, barlag-goýberiş nokady, awtoulaglar üçin ýerler, awtoýuwalga we beýleki kömekçi desgalar bar.
Mary şäherinde hem şeýle desgalar toplumynyň açylyş dabarasy ýurtda giňden bellenilýän ajaýyp baýramçylyk çäreleri bilen utgaşdy. Toplum 4,9 gektar meýdanda ýerleşýär diýlip, habarda bellenilýär.