SatADSL tarapyndan ýerine ýetirilýän C-SDP platformasynyň hyzmatlary, Türkmenistanyň ilkinji hemrasynyň üsti bilen peýdalanylar.

Ýazylan 24 April 2019

Brýussel, Belgiýa, 2019-njy ýylyň 23-nji apreli- SatADSL, hemranyň üsti bilen VSAT ussat hyzmatlarynyň üpjün edijisi we Türkmenistanyň Türkmen hemrasy milli hemra operatory bolup, Ýewropa we Ýakyn Gündogaryň çäginde SatADSL bulutly platformanyň üsti bilen ýetirmeklik boýunça, täze hyzmatdaşlyga gol çekdiler.

Ylalaşykda C-SDP çözgüdini ýetirýän SatADSL hem hereketlendiriler, bu bolsa OSS/BSS platformanyň operator synpy bilen doly ätiýaçlyklygyny hödürleýär ýagny, operatorlara hemra hyzmatlarynyň autsorsingini aňsatlyk bilen amala aşyrmaga ýardam berýär. SatADSL Türkmenistanyň ilkinji hemrasyna seplener, ýagny TurkmenAlem52.0E we KU diapazonda retranslýatorlary ulanmak bilen Ýewropa sebitlerini we Ýakyn Gündogary örtmegi üpjün eder we täze bazarlara girmäge ýol açar.

Türkmen hemrasynyň direktory Batyr Orazdurdyýew şeýle diýýär: “Köptaraply häsiýete eýe bolan C-SDP-ň kömegi bilen biz SatADSL bilen bu hyzmatdaşlyk hakynda üstünlikli ylalaşyga geldik. Wauçerler ulgamyny girizmek we goşmaça hyzmatlaryň kömegi bilen biz diňe öz bazarymyzyň töweregini ep-esli giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň ähli esasy sebitlerine minimal çykdajyly ýokary hilli hyzmatlary hödürläp bileris.

CAPEX kapital çykdajysyz we VNO ulgamy bolmadyk SatADSL serwisini integrasiýa etmek bilen biziň operasiýalarymyz nämälim inwestision çykdajysyz we perspektiwasy bolmadyk inwestisiýa gaýtarylmalaryna agram salmaýar”,- diýip jenap Orazdurdyýew söz goşdy. “Bu şol sanda giň sebit diapazonynda hemra arkaly hemişeki aragatnaşyga we ynamdar giriş kepilligine ýardam berer.”

SatADSL operasion direktory we esaslandyryjylaryň biri Kerolaýn De Wos şeýle diýýär: “Türkmen hemrasy tarapyndan taýýarlanan VSAT geçiriş maglumatlaryň hyzmatlaryny hödürlemek bilen biz barmasy kyn etraplary ýaýbaňlandyrýarys. TurkmenAlem52.0E hemrasynyň zolagynyň gurşawynda birnäçe ýerler bolup, öz tejribämiz we biziň ýeke-täk hyzmatymyz arkaly köp adamlary gurşap almak almak bilen öňküden-de has gowy edip, öz abraýymyzy giňeldip, güýçli işewürligi gurnap bilerdik.”

Eger-de siz, biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin bilmek isleseňiz ýa-da sizde soraglar ýüze çykan bolsa, onda haýyş edýäs, biz bilen habarlaşyn.