«TOYO» kompaniýasy CIET 2026 halkara forumynda tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşar

Ýazylan

Ýaponiýanyň «Toyo Engineering Corporation» (TOYO) kompaniýasy «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly «CIET 2026» halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler.

«TOYO» kompaniýasy Türkmenistanda gaz-himiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde uly tejribä eýedir. Ýapon kompaniýasy halkara konsorsiumynyň düzüminde Gyýanlydaky polimer toplumynyň gurluşygyna gatnaşyp, önümçilik desgalarynyň taslamalaşdyrylmagyna, enjamlaryň üpjün edilmegine we işe girizilmegine goşant goşdy.

Kompaniýa häzirki wagtda hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. 2025-nji ýylda «TOYO» Türkiýäniň «Rönesans Endüstri Tesisleri» kompaniýasy bilen bilelikde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň polimer toplumynyň durkuny täzelemek we önümçiligi dikeltmek boýunça işlere gatnaşmak barada şertnama baglaşdy.

«TOYO Engineering Corporation» kompaniýasynyň «CIET 2026» çäresine gatnaşmagy tehnologik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň alyşylmagyna we täze maýa goýum mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna ýardam eder.

3–5-nji noýabrda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek forum döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň, maliýe institutlarynyň wekillerini hem-de pudak hünärmenlerini bir ýere jemlär. Çäräniň dowamynda energetika we himiýa senagatyny ösdürmek, gurluşyk pudagynda täze tehnologiýalary ulanmak, maýa goýum mümkinçilikleri we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.