Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi

Ýazylan

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze mazmuna eýe bolýandygyny we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli esasda ösdürilýändigini bellediler.

Taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we yzygiderli iş duşuşyklarynyň geçirilmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin täsirli gural bolup durýandygyny nygtadylar.

Duşuşykda hyzmatdaşlygyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.