Ýazylan
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni sapar bilen Aşgabada gelen Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Mikail Jabbarow duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Azerbaýjanda Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça ösdürilýän gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýdyp, Prezident Ilham Aliýewiň türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň goňşy ýurtlar hökmünde däp bolan özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini belledi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli dialogyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berýändigi we netijeli özara gatnaşyklar üçin amatly şertleri döredýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belläp, türkmen halkyna sowgat edilen “Dostluk” gämisi üçin azerbaýjan tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hem türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Baku we Genje şäherlerinde, Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň bolsa Arkadag we Aşgabat şäherlerinde ýokary derejede geçirilendigi nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde şu ýylyň 19-njy oktýabryndan 30-njy noýabry aralygynda Türkmenistanda geçiriljek “Ene-tebigat” atly halkara sergisine ýokary derejede taýýarlyk görülýändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu çäre iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berer.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Mikail Jabbarow Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işlerinde üstünlik arzuw etdiler.
Источник: business.com.tm