Ýazylan
2026-njy ýylda geçiriljek “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” birinji sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna ilkinji sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli iberen gutlag hatynda belledi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Li Çže Mýon gutlag hatynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran üç saparynyň iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýady goýandygyny belledi.
Şeýle-de ol geçen ýylyň iýunynda hem-de şu ýylyň mart aýynda Eýranda ýaşaýan Koreýa Respublikasynyň raýatlarynyň Türkmenistanyň çäginden geçmegi bilen baglanyşykly bildirilen hemmetaraplaýyn goldaw üçin hoşallyk bildirdi.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanda gämigurluşyk hem-de senagat desgalarynyň gurluşygy ýaly iri taslamalary amala aşyrýan koreý kompaniýalaryna berilýän goldawy hem ýokary bahalandyryp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Источник: business.com.tm