Ýazylan
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde daşky gurşawy goramak we saglygy goraýyş ulgamyna degişli birnäçe Kararlara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak çäreleriniň hukuk binýadyny berkitmek, klimatyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak boýunça işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Klimatyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy (2026–2030-njy ýyllar üçin) we ony amala aşyrmak boýunça Çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ilatyň ruhy we beden saglygyny berkitmek, çilimkeşlige garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny we abadançylygyny has-da gowulandyrgmak, adamlaryň ömür uzaklygyny artdyrmak hem-de bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri görmek maksady bilen degişli Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek baradaky Milli maksatnama (2026–2030-njy ýyllar üçin) we ony amala aşyrmak boýunça Çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Şonlukda, ministrliklere, pudaklaýyn edaralara, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine agzalan maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Источник: business.com.tm