Türkmenistanyň ilçisi Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Ýazylan

11-nji maýda Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Ço The Ýol tarapyndan Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileri üçin guralan resmi agşamlyk nahary boldy. Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň rezidensiýasynda guralan bu dabara Türkmenistanyň ilçisi B.Durdyýew hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, guralan giňişleýin pikir alyşmalaryň esasy temasy şu ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky birinji sammite taýýarlyk görmegiň amaly meseleleri boldy.

Duşuşygyň dowamynda Koreýanyň DIM-iniň ýolbaşçysy syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüş depginini belledi. Ol öňde duran sammitiň sebitara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilendigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi boýunça Türkmenistanyň ilçisi döwletara gepleşikleriň ýokary derejesini nygtady. Haryt dolanyşygynyň durnukly ösmegi we esasy ugurlar boýunça amaly özara hereketleriň giňelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Taraplar iki halkyň ýakynlaşmagynyň möhüm şertleri hökmünde akademiki alyş-çalyşlary işjeňleşdirmäge, özara Medeniýet günlerini geçirmäge we Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek boýunça maksatnamalary giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Şeýle-de ilçi B.Durdyýew koreý tarapynyň geljekki sammitiň ýokary guramaçylyk we mazmun derejesini üpjün etmekde hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine ynam bildirdi hem-de türkmen tarapynyň munuň üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.