Ýazylan
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň HHR-iň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny we mundan beýläk-de goldajakdygyny aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, Milli Liderimiz Hytaýyň öňe sürýän Howpsuzlyk, Siwilizasiýa, Ösüş, Dolandyryş ýaly ählumumy başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Din Sýuesýan Türkmenistanda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan şygarynyň Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýylyna gabat gelmeginiň türkmen döwletiniň okgunly ösüşini alamatlandyrýandygyny belledi.
Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygy bellenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Hytaýyň “CNPC” korporasiýasy bilen bilelikde “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmäge girişiler. Şunuň bilen baglylykda, Din Sýuesýan Türkmenistanda hytaý kompaniýalarynyň netijeli iş alyp barmaklaryna döredilýän amatly maýa goýum şertleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.