Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Türkmenistana sapar bilen geler

Ýazylan

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan 15 — 17-nji aprel aralygynda Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada Hytaýyň DIM-iniň resmi wekili habar berdi.

Din Sýuesýan türkmen tarapynyň çakylygy boýunça HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili hökmünde ýurda geler we «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyrynyň başlanmagy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşar.

Mundan başga-da, Din Sýuesýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk komitetiniň ýedinji mejlisine gatnaşar we hytaý tarapyndan oňa başlyklyk eder.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.