Ýazylan
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan 15–17-nji aprelde Türkmenistana sapar bilen gelip, “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar.
“Sinxua” agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, Din Sýuesýan HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili hökmünde çykyş eder.
Şeýle hem saparyň dowamynda hytaý wekiliýeti wise-premýer Din Sýuesýan ýolbaşçylygynda 16-njy aprelde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmen-hytaý hökümetara hyzmatdaşlyk komitetiniň 7-nji mejlisine gatnaşar.
“Galkynyş” käniniň özleşdirilmeginiň dördünji tapgyry Türkmenistanyň eksport energiýa strategiýasynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Taslama ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge ukyply desganyň gurluşygyny, şeýle hem meýilleşdirilen gaz çykaryş möçberlerini üpjün etmek üçin täze guýularyň burawlanmagyny we ulanmaga berilmegini göz öňünde tutýar.