Ýazylan
Russiýanyň onlaýn söwda platformasy bolan Ozon Türkmenistanyň ilaty üçin satuwlaryň başlanandygyny yglan etdi. Eýýäm ozon.tm platformasynda dürli görnüşlere degişli — çagalar üçin harytlardan başlap öý tehnikasyna çenli — 150 milliondan gowrak haryt elýeterlidir.
Ilkinji tapgyrda eltip bermek diňe Aşgabat şäherinde guraldy: sargytlary «Türkmenpoçta» bölümlerinden alyp bolýar. Aprel aýynda kompaniýa logistikany ýurduň beýleki sebitlerine giňeltmegi we çapar arkaly eltip bermek hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Başlangyç tapgyrda eltip bermek möhleti takmynan 10 gün bolup, soňra onuň gysgaldylmagy göz öňünde tutulýar.
«Biz ýurtda elektron söwdanyň ösüşinde uly mümkinçilik görýäris» — diýip, Ozon kompaniýasynyň GDA boýunça baş ýerine ýetiriji direktory Natalýa Boýer belledi. Ol kompaniýanyň ýerli ýaşaýjylar üçin gündelik söwdalar boýunça amatly gurala öwrülmegine umyt edýändigini hem aýtdy.
Ozon halkara işewürligini 2021-nji ýyldan bäri ösdürýär we häzirki wagtda Gazagystan, Özbegistan, Ermenistan, Belarus ýaly GDA-nyň ýurtlaryny hem-de Hytaý we Türkiýe ýaly döwletleri öz içine almak bilen, 10 ýurtda işleýär. Türkmenistanda işe girizilmegi bilen platforma öz gatnaşygyny 11 ýurda çenli giňeltdi.