“Altyn Asyr” ÝGPJ 5G, 4G+ kabul ediji-geçiriji stansiýalaryny satyn alar

Ýazylan

“Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 5G we 4G+ (şol sanda VoLTE, LTE-Advanced) öýjükli aragatnaşyk üçin kabul ediji-geçiriji stansiýalaryny satyn almak, şeýle hem “Altyn Asyr” ÝGPJ-niň hereket edýän mobil ulgamynyň programma üpjünçiligini we tehniki serişdelerini döwrebaplaşdyrmak üçin açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bäsleşige laýyklykda, Aşgabat şäherinde, şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda TM CELL mobil ulgamyny ösdürmek taslamasynyň çäklerinde tehnologik enjamlary bilen üpjün etmek we gurnamak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi köp hyzmatly maglumat geçiriş toruny (Internet ulgamyny) döwrebaplaşdyrmak maksady bilen aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün etmek, gurnamak we işe girizmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşiklere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplar ýazmaça arza tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasyny almaly.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.