Aşgabatda 20 — 23-nji mart aralygynda Nowruz ýaýlasyna ýörite awtobus gatnawlary ýola goýlar

Ýazylan

Türkmenistanda Milli bahar baýramy mynasybetli esasy dabaralar 21 — 22-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasy» meýdançasynda geçiriler.

Ýaşaýjylaryň baýramçylyk dabaralaryna amatly barmagyny üpjün etmek üçin «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýörite awtobus gatnawlaryny ýola goýar diýlip, Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Esasy maglumatlar:
Gatnawyň ugry: № 72 «Awtokombinat – Türkmeniň ak öýi (Ahal welaýaty) – Awtokombinat».
Gatnawyň wagty: 20-nji martdan 23-nji marta çenli.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (61) 49‑34‑95; 44‑35‑30; 44‑35‑20.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.