Ýazylan
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar ýokary we iň ýokary derejeli saparlaryň, şeýle hem iki doganlyk ýurduň liderleriniň we wekilleriniň arasyndaky duşuşyklaryň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar şu ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çärelere, şol sanda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Raşid Meredow we Gismet Gezalow medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmek mümkinçiliklerini aýratyn üns berdiler. Şol sanda şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň çäginde Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýluldy.