Ýazylan
Özbegistan Respublikasy “Özbegistan–2030” strategiýasynyň çäklerinde Türkmenistan bilen serhetdeş ýerleşýän Düýeboýun suw desgasynyň suw saklaýyş göwrümini giňeltmegi meýilleşdirýär.
Degişli suw howdanynyň göwrümini 1 milliard kub metr çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu barada “upl.uz” neşiri habar berýär.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi 1,2 million gektardan gowrak meýdanda suw üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ilat üçin süýji suwuň strategik ätiýaçlygyny döretmäge giň mümkinçilik berer.
Düýeboýun suw desgasy Özbegistan bilen Türkmenistanyň serhedinde iri inženerçilik toplumydyr. Ol dört suw howdanyndan ybarat bolup, Amyderýanyň akymyny sazlamak üçin kanallar we şlýuzlar arkaly biri-biri bilen baglanyşdyrylandyr.