8 — 12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň merkezi köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ýazylan

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 8-nji dekabrdan 12-nji dekabra çenli Aşgabadyň merkezi şaýollarynda awtoulaglaryň hereketi wagtlaýynça çäklendiriler. Bu barada TDH habar berdi. Habarda şeýle bellenilýär:

«Hormatly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary! Paýtagtymyzyň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 8 – 12-nji dekabry aralygynda Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan we Türkmenbaşy şaýollarynda gatnawlaryň wagtlaýyn çäklediriljekdigini siziň dykgatyňyza ýetirýäris».

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.