Ýazylan
Türkmenistan bilen Özbegistanyň aralygyndaky serhetýaka söwda zolagynda «Şawat – Daşoguz» söwda merkeziniň işe girizilmegi telekeçiler üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda giň haryt görnüşleri hödürlenilýär
Bilelikdäki söwda zolagy jemi alty gektar meýdany eýeleýär, şondan üç gektary özbek tarapyna, üç gektary bolsa türkmen tarapyna degişlidir. Bu ýerde diňe Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerinde öndürilen önümler satylýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, üsti ýapyk söwda pawilýonlarynda 112 söwda hatarynyň we 28 ýöriteleşdirilen dükanyň işlemegi üçin amatly şertler döredildi. Mundan başga-da, iki aýratyn toplumda 16 söwda nokadynyň ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda giň haryt görnüşleri hödürlenilýär
Täze zolagyň artykmaçlyklarynyň biri hem söwda işiniň ýeňilleşdirilen tertibidir.
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda giň haryt görnüşleri hödürlenilýär
Söwda zolagy häzirki zaman infrastruktura desgalary bilen üpjün edilendir: ol ýerde söwda pawilýonlary, ammarlar, konteýner meýdançalary bar.
Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda giň haryt görnüşleri hödürlenilýär
«Bir penjire» merkezi bolsa gümrük, salgyt we şahadatnamalary resmileşdirmek hyzmatlaryny öz içine alýan doly hyzmatlary hödürläp, işewürligi alyp barmagy ýeňilleşdirýär.