Türkmenistanda biologiýa boýunça IV Halkara internet olimpiadasy geçiriler

Ýazylan

2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti biologiýa boýunça ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda IV Halkara internet olimpiadasyny geçirer.

Olimpiada biologiýa ylmyna gyzyklanma bildirýän we bu dersi ýokary okuw mekdeplerinde öwrenýän ähli isleg bildirýän talyplar gatnaşyp bilerler — diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşirinde habar berilýär.

Olimpiada gatnaşmak üçin hasaba alyş 15-nji noýabra çenli ýörite baglanyşyk arkaly açykdyr. Hasaba alnan talyplara olimpiadanyň geçirilýän gününden bir gün öň görkezilen elektron poçta salgysyna olimpiada gatnaşmak üçin giriş logini we paroly iberiler.

Goşmaça maglumatlary şu ýerlerden alyp bilersiňiz:

Uniwersitetiň resmi saýtyndan: www.tdlu.edu.tm, «Halkara olimpiada» bölümi;

Telefonlar arkaly: +993 (12) 48-99-32, +993 (63) 58-51-11, +993 (65) 68-25-42;

Elektron poçta arkaly: tdlu.iolimp@gmail.com.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.