Ýazylan
Şu gün Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde suwuň basyşyny göteriji beket hem-de agyz suw geçirijisiniň açylyş dabarasy boldy.  
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, kuwwatlylygy bir gije-gündizde 4,5 müň kub metr suw bilen üpjün etmäge ukyply desga 1,14 gektar meýdanda ýerleşýär. Onuň bekediniň düzüminde suw göteriji 4 sany elektrodwigatel gurnalan. Şeýle hem suw howuzlarynyň üçüsi — her biri 1000 kub metrlik sygymly iki we 2500 kub metrlik sygymly bir howuz ýokary hil derejesinde guruldy. Suw geçiriji turbalaryň uzynlygy «Lebapwelaýatagyzsuw» birleşiginden täze bekediň ýerleşýän ýerine çenli 15,1 kilometre, beketden bolsa şäherçäniň Bagtyýar nesil köçesine çenli 4,3 kilometre barabar boldy.
Täze desga Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesiniň ýaşaýjylaryny has ýokary hilli, arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge niýetlenilen. Onuň gurluşyk işlerini «Ark» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýerine ýetirdi.