Ýazylan
ABŞ-nyň Waşington şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmak, «ykdysady meýilnamalaşdyryş — bilim we başarnyklar — ylmy barlaglar we tehnologiýalaryň geçirilmegi» ugurlarynyň arasynda durnukly arabaglanşygy döretmek, şeýle hem bilime esaslanan ykdysadyýeti ösdürmek boýunça anyk ädimler ylalaşyldy.
Duşuşykda milli ileri tutulýan ugurlara we dolandyryş analitikasyna daýanyp, «ykdysadyýet — bilim we başarnyklar — ylmy-barlag işleri we tehnologiýalaryň geçirilmegi» ýaly ikitaraplaýyn ulgamynyň kemala getirilmegi, Bütindünýä bankynyň bilim we tejribe ulgamlarynyň ulanylmagy: ASA (Maslahat hyzmatlary we analitika), SABER (Has oňyn bilim netijeleri üçin ulgamlaýyn çemeleşme — iş güýjüni ösdürmek ugry), STEP (Iş we öndürijilik üçin başarnyklar), LMI (Zähmet bazary baradaky maglumatlar), daşarky we içerki hil kepillendirme tejribeleri, şeýle hem ýokary bilim dolandyryş ulgamy bolan HEMIS synpyndaky çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem ýokary we hünär bilimi ulgamynda dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin zähmet bazary, bilim maglumatlary, hil reýestri we ylmy-barlag işleri/tehnologiýa transfer ofisleri baradaky maglumatlary birleşdirýän integrirlenen platformanyň synag görnüşinde taýýarlanylmagy boýunça maslahatlaşyldy.
Taraplar hyzmatdaşlygy üç ugur boýunça dowam etdirmäge ylalaşdylar: bilim toplumynyň taýýarlanylmagy we tehniki sessiýalaryň geçirilmegi; ASA görnüşinde ekspert we analitiki hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy; ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda integrirlenen pilot çözgüdiň parametrleriniň gurnalmagy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.