Ýazylan
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
“Ýurduňyzyň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlarynda gazanan üstünliklerini hem-de döwletlerimiziň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellemek biziň üçin ýakymlydyr. Biz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirýäris” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.