Ýazylan
Toyota kompaniýasynyň resmi distribýutory Türkmenistanda Toyota we Lexus awtoulaglarynyň eýeleri üçin howpsuzlygy hem-de rahatlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen her ýylky gyşky kampaniýanyň başlanandygyny habar berýär. Bu maksatnama 2015–2025-nji ýyllaryň aralygynda öndürilen modelleriň eýeleri gatnaşyp bilerler.
Bu kampaniýanyň çäklerinde Toyota tarapyndan sertifikatlaşdyrylan hünärmenler awtoulagyň giňişleýin mugt anyklaýyş barlagyny geçirerler. Barlag aşakdaky ulgamlary öz içine alýar:
Gyzdyrmak we howa çalşygy ulgamy
Akkumulýator
Aýna arassalaýjylar
Tormoz ulgamy
Motor ýagy
Tekerler
Howa süzgüji
Herekete getiriji kemerleri
Yşyklandyryş ulgamy
Sowadyş ulgamy
Her bir anyklaýyş barlagy awtoulagyň gyş möwsüminde ygtybarly işlemegini hem-de sürüjiniň we ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Kampaniýa gatnaşýanlara Toyotanyň resmi hyzmat ediş merkezine indiki saparynda ulanyp biljek 450 manatlyk sowgat wauçeri hem berler. Bu maksatnama 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, 2026-njy ýylyň 31-nji maýyna çenli dowam eder we «Garagum Ulag» hem-de «Beýik Ýüpek Ýoly» diler merkezleri tarapyndan amala aşyrylýar.
«Biz müşderilerimiziň Toyota awtoulaglaryna eýe bolmagyny mümkin boldugyça rahat we howpsuz etmek isleýäris. Gyşky kampaniýa diňe bir hyzmat etmegi däl-de, eýsem sürüjilere we olaryň maşgalalary barada edýän aladamyzdyr» — diýip, Toyota Central Asia kompaniýasynyň wekili belledi.
Habarlaşmak üçin:
HK «Garagum Ulag»:
Oguzhan köçe., 7/A      
Tel.:+993 65 113774, +993 12 437057
Balkanabat ş., M37 awtomobil ýolunyň ugrunda, 52 bina (Balkan Gaz Üpjünçilik Müdirliginiň ýanynda) +993 62 870555
HK «Beýik Ýüpek Ýoly»:
Hoja Ahmet Ýasawy 39      
Tel.: +993 63 849238, +993 12 761042
“Aşgabat” SDAM  +993 65 816535