Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Ak tamda geçiriljek «ABŞ – Merkezi Aziýa» duşuşygyna çagyrdy

Ýazylan

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hatda, hususan-da, şeýle diýilýär:

– Hormatly jenap Prezident! Men Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki döwlet Baştutanlary bilen bilelikde, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin, 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrýaryn.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarys. Biziň bilelikde ýokary sepgitlere ýetjekdigimize ynanýaryn.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.