Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-italýan işewürlik geňeşini döretmegi teklip etdi

Ýazylan

Türkmenistan öz önümleriniň Italiýa iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga, taýýar önümlere aýratyn üns bermek arkaly olaryň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge taýýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Rimde geçirilen Türkmen-italýan işewürlik maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

«Elbetde, biziň söwda gatnaşyklarymyz anyk talaplara hem-de isleglere, özara mümkinçiliklerimize, uzak möhletli işewürlik çaklamalaryna esaslanmalydyr. Jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde birek-birege ynanyşmagyň ýola goýulmagy hem möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerinden düzülen Türkmen-italýan işewürlik geňeşini döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin. Bu düzüm dürli ugurlarda özara gatnaşyklary utgaşdyrmak, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň telekeçileriniň arasynda işewür gatnaşyklary guramak, tagallalary birleşdirmek üçin täze ugurlary açmak boýunça möhüm wezipeleri ýerine ýetirip biler diýip hasaplaýaryn» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow işewürlik alyşmalarynyň işjeňleşdirilmegini, Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň işewür toparlarynyň we kompaniýalarynyň iki ýurduň çäginde geçirilýän sergilere, ýarmarkalara gatnaşmagyny, dürli taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmek üçin telekeçileriň özara saparlarynyň guralmagyny möhüm hasaplaýandygyny aýtdy.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.