Ýazylan
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentini Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.
Soňra döwlet Baştutany dabaranyň geçirilýän ýerine bardy.
Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde dabara mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edenden soňra, ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardy hem-de bu ýerde Gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Döwlet Baştutany Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyjylary bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, himiýa senagatynyň ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünlerini öndürýän täze toplumyň taslamasyny Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy ýerine ýetirer.
Täze toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Toplum ulanmaga berlenden soň, ýurduň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.