Ýazylan
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy «China National Petroleum Corporation» («CNPC») 2025-nji ýylyň 22 — 24-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» («OGT 2025») atly XXX halkara serginiň we maslahatyň platina hemaýatkäri bolar. Bu barada forumyň guramaçylyk komiteti habar berdi.
«CNPC» 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýar. Şol döwrüň dowamynda kompaniýa ýurduň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny goýup, inženerçilik-tehniki hyzmatlary ýerine ýetirýär. 2007-nji ýylda kompaniýa «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn meýdany boýunça önümi bölüşmek hakyndaky ylalaşyga we tebigy gazyň uzak möhletleýin üpjünçiligi boýunça şertnama gol çekdi. KHBS-de berlen maglumatlara görä, «CNPC-niň» bu taslamanyň çägindäki umumy maýa goýumlarynyň möçberi 9,4 milliard amerikan dollaryndan geçýär.
«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn meýdany Samandepe, Altyn Asyr we beýleki känleri öz içine alýar hem-de «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisi boýunça türkmen gazynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. 2007-nji ýyldan bäri kompaniýa Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän känlerde senagat derejesinde gaz çykarmagy dowam etdirýär.
2024-2025-nji ýyllarda «CNPC» Türkmenistanda gaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak işlerine gatnaşmagyny dowam etdirýär. Kompaniýa «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn meýdanyndaky «GPZ-2» gaz işläp bejeriş zawodynyň giňeldilmegi, kompressor rotorlarynyň abadanlaşdyrylmagy hem-de önümçilik prosesleriniň kämilleşdirilmegi arkaly önümçilik desgalarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp barýar.
Korporatiw strategiýasyna laýyklykda, «CNPC» «arassa alternatiwler, strategik çalyşma we ýaşyl ösüş» ýörelgelerine eýerýär hem-de 2050-nji ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny nol derejesine ýetirmegi maksat edinýär. Bu maksatlar «OGT 2025» forumynyň mowzugy bolan «Energiýa. Innowasiýalar. Ösüş» ýörelgesi bilen doly utgaşýar. «CNPC-niň» «OGT 2025-e» platina hemaýatkär hökmünde gatnaşmagy kompaniýanyň Türkmenistanyň energetika pudagyny ösdürmäge uzak möhletleýin ygrarlydygyny tassyklaýar we forumyň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrýar.
Giňişleýin maglumatlary www.ogt-turkmenistan.com sahypasyndan alyp bilersiňiz.