Russiýa Türkmenistanda söwdany ösdürmek üçin onlaýn söwda platformalaryny çekmegi meýilleşdirýär

Ýazylan

Russiýa bilen Türkmenistan söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri görýärler. Bu ugurda Russiýanyň onlaýn söwda platformalaryny (marketpleýslerini) çekmek hem göz öňünde tutulýar. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň mejlisinde aýtdy.

«Biz söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Häzirki wagtda Russiýada Türkmenistanda öndürilýän önümleriň köpüsine isleg bar. Şeýle hem Russiýanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, marketpleýsleri işjeňleşdirmek boýunça mümkinçilikleri görýäris. Munuň hyzmatdaşlygymyzy ösdürmekde uly itergi berjekdigine ynanýarys» diýip, wise-premýer belledi.

Marat Husnullin gurluşyk pudagyndaky giň mümkinçilikleri hem aýratyn belläp geçdi:

"Arkadag şäherinde hem-de Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyklaryň hili we göwrümi, hakykatdan-da, uly hormata mynasyp. Meniň pikirimçe Türkmenistan bu ugurda örän çalt we yzygiderli öňe gidişlik gazandy" diýip, ol nygtady.

Wise-premýer gurluşyk materiallarynyň üpjünçiligi, gurluşyk serişdelerini bilelikde ulanmak we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tekliplerini hödürledi:

«Men bu başlangyçlaryň iki tarap üçin hem bähbitli boljakdygyna ynanýaryn» diýip, Husnullin aýtdy.

Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň aýtmagyna görä, taraplar energetika ulgamynda hem uly mümkinçilikleri görýärler:

«Biz «Rosatom» kompaniýasyny wekiliýetimize gatnaşmaga çagyrdyk» diýip, ol belläp geçdi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.