Türkmenistanda rus kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 3,5 milliard dollarlyk 342 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy

Ýazylan

Türkmenistanda häzirki wagta çenli rus kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 3,5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan 342 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisinde aýtdy.

Wise-premýeriň bellemegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda 38 hojalyk jemgyýeti we kärhana rus maýasyna esaslanyp işleýär. Olaryň hatarynda «Gazprom», «KAMAZ», «Wozrojdeniýe», «Tatneft» ýaly iri kompaniýalaryň wekillerlikleri we şahamçalary bar.

N.Atagulyýewiň aýtmagyna görä, Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky ýyllyk söwda dolanyşygy takmynan 1,5 milliard amerikan dollaryna deň bolup, soňky ýyllarda onuň ösüş depgini durnukly saklanýar.

«Russiýanyň bazary biziň üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Biz rus bazaryna öz önümlerimiziň eksportyny giňeltmäge hem-de şol bazardan önümleri import etmäge gyzyklanma bildirýäris» diýip, Nökerguly Atagulyýew belledi.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.