Ýazylan
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga Russiýada ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we ýurduň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan üstünlikleriniň, türkmen halkynyň baý taryhynyň we medeniýetiniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, Russiýanyň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet Baştutany myhmana türkmen kärdeşleri bilen netijeli gepleşikleri, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisini üstünlikli geçirmegi arzuw edip, duşuşyklaryň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, köptaraplaýyn formatda hem netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin iki ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.