Ýazylan
Prezident Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly at dakyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli karary kabul edildi.
Sanly ulgam arkaly şu gün geçirilen Hökümet mejlisinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Prezident Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmak hakynda Mejlisiň kararyny okady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagyny uly sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany bu sylagyň gowşurylmagynyň ýurduň gülläp ösmegi ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçly edýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, berlen şeýle ýokary baha üçin mähriban halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hökümet mejlisinden soňra Prezident Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanyny «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararynda bellenilişi ýaly, bu çözgüt Türkmenistanda gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babatda ýokary ölçeglere, milli äheňlere laýyk bolmagyny üpjün etmekde, şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik-gurluşyk taslamalary işlenip düzülende dünýäde gazanylan oňyn tejribeleri, innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp taýýarlamalary işjeň ulanmakda hem-de taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlary bu işlere çekmekde, ylmy oý-pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlaryny peýdalanmakda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan ägirt uly işlerini, şeýle hem saglygy goraýyş babatda jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurduň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.