Aşgabatda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň mejlisi geçirilýär

Ýazylan

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Mejlise Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Mejlise türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy M.G.Atajanow ýolbaşçylyk etdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn hem berildi, hem-de Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk meselelerine seredilip geçildi.

Taraplar Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi bilen bagly meseleler boýunça hazarýaka döwletleriniň iş toparyny döretmek meselelerine hem seredip geçdiler.

Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň on birinji mejlisi öz işini dowam etdirýär.

Biziň hyzmatlarymyz barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz ýa-da soraglaryňyz bar bolsa, haýyş edýäris, biz bilen habarlaşyn.