Ýazylan
28-nji iýulda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň 8-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, azerbaýjan tarapynda ýurduň ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarow ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň gün tertibinden söwda, energetika, ulag, senagat, işewürlik, oba hojalygy we özara maýa goýumlary höweslendirmek ýaly ugurlar bilen bagly meseleler orun aldy. Taraplar iki ýurduň Liderleriniň arasynda ýola goýlan ýokary derejeli dialogyň strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn nygtadylar.
Mejlisde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Azerbaýjanda senagat, ulag, gurluşyk, söwda we hyzmatlar ýaly ugurlarda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda döredilen 75 sany kärhana hereket edýär. Bu bolsa iki ýurduň arasynda işewürlik we maýa goýum boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşýändiginiň subutnamasydyr.
Iki ýurduň energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, energiýa serişdelerini eksport etmekde ösen infrastruktura eýe bolan Azerbaýjan özara bähbitli hyzmatdaşlyk mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy. Bu barada «Azertag.az» habar berýär.
«Gündogar — Günbatar» transmilli geçelgesini täzeden dikeltmek we Merkezi geçelgäniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işler aýratyn ähmiýete eýe. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky üstaşyr daşamalarynyň möçberi yzygiderli ösýär: geçen ýylyň jemine görä bu görkeziji 2 million tonnadan geçse, şu ýylyň ilkinji ýarymynda 1 million tonna ýetdi. Bu bolsa iki ýurduň sebitdäki esasy ulag merkezleri hökmünde möhüm orna eýedigini görkezýär.
Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda söwda, senagat, telekeçilik, oba hojalygy ýaly ugurlarda, hususan-da, «Alýat» Erkin ykdysady zolagynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Azerbaýjan tarapy öz ykdysady görkezijileriniň ösüşi, işewürlik we maýa goýum üçin döredilen amatly şertler hem-de Zangezur geçelgesiniň mümkinçilikleri barada maglumat berip, türkmen maýadarlaryny hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bolsa dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny paýlaşdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ylalaşyklary öz içine alýan Teswirnama gol çekdiler.