Ýazylan
Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Aşgabada geldi.
Bellenilişi ýaly, rus wekiliýetini howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar. Ministr Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşyp, özara söhbetdeş boldy.
Ýeri gelende bellesek, Sergeý Lawrow soňky gezek 2022-nji ýylda Aşgabada gelip, Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyga gatnaşypdy.
Rus diplomatynyň şu gezekki saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşmagyna, şeýle-de ikitaraplaýyn türkmen-rus geňeşmelerine gatnaşmagyna garaşylýar diýip, TASS habar berýär.