Written on
BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) howandarlygynda geçirilýän Ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça Gün tertibini durmuşa geçirmäge bagyşlanan çärelere gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Şu gün Türkmenistanyň wekiliýeti EKOSOS-yň ýokary derejeli böleginiň «Has gowy netijeleri gazanmak: 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça gyssagly we özgertmeleri üpjün edýän çäreleri tizleşdirmek» atly umumy pikir alyşmalaryna gatnaşdy.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy P.Ýagşyýew öz çykyşynda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Çykyşda Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini milli derejede yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň 85 göterimi milli we pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryna ornaşdyryldy, milli derejede 131 milli wezipe we Durnukly ösüş maksatlarynyň 175 görkezijisi tassyklanyldy.
Daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hem-de çölleşmä garşy göreş meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa döwletleri üçin Çölleşmä garşy göreş boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy nygtaldy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, energetika pudagyndaky taslamalary amala aşyrmak hem-de metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirýän işleri beýan edildi.
Sebitiň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň durnukly ösüş, inklýuziwlik we ekologiýa howpsuzlygy ýörelgelerine laýyklykda gurulandygy aýratyn bellenildi.
Halkara ulag arabaglanyşygyny ösdürmek meselelerine hem aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary, şol sanda Hazarüsti ugry boýunça iri ulag-üstaşyr taslamalary durmuşa geçirmegini dowam etdirýändigi, munuň halkara söwdasynyň durnuklylygyny berkitmäge hem-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüşine möhüm goşant hökmünde garalýandygy bellenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti 2027-nji ýylda hödürlenmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamakda peýdalanyljak Meýletin milli synlary taýýarlamagyň halkara tejribesini hem öwrenýär.