Written on
Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar, TOPH kompaniýasynyň Owganystandaky wekili Begenç Abdullaýew hem-de Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsullygynyň Wise-konsuly Begenç Şamyradow Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň barşy we iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Bu barada "Ariana News" habarlar agentligi ýekşenbe güni habar berdi.
Duşuşyga Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Hyratdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hem gatnaşdy. Taraplar TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmak hem-de ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler.
Gepleşikleriň dowamynda Nur Ahmad Islamjar Owganystanyň Turgundy we Türkmenistanyň Serhetabat serhet-geçelgelerinde bilelikdäki türkmen-owgan söwda sergisini geçirmegi teklip etdi. Nur Ahmad Islamjaryň bellemegine görä, bu sergi söwdanyň ösdürilmegine, ýerli önümleriň ilerledilmegine hem-de goňşy ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berip biler.
Begenç Abdullaýew TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine berýän goldawy üçin Hyrat welaýatynyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirip, ýerli dolandyryş edaralary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň bu iri sebit energetika taslamasynyň durmuşa geçirilişini çaltlandyrmaga ýardam edýändigini aýtdy. Şeýle hem ol bilelikdäki söwda sergisini geçirmek baradaky başlangyjy goldap, bu teklibiň Türkmenistanyň degişli edaralaryna ýetiriljekdigini belledi.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bilelikdäki işleri dowam etdirmek, ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek hem-de Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky bilelikdäki ösüş taslamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek boýunça tagallalary utgaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Umumy uzynlygy 1 müň 814 kilometre, Owganystandan Pakistanyň serhedine çenli uzynlygyy 816 kilometre barabar bolan TOPH gaz geçirijisi arkaly ýylda 33 milliard kub metr tebigy gazy daşamak göz öňünde tutulýar. "Ariana News" habarlar agentliginiň maglumatyna görä, häzirki wagta çenli Hyrat welaýatynda gaz geçirijiniň 90 kilometrden gowrak bölegi çekildi.
Источник: business.com.tm