Aşgabatda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy

Written on

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hiroşi bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtap, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogyň hem-de degişli edaralaryň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamagyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam edýändigi bellenildi.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.