Written on
Türkmenistanyň içeri işler ministri Muhammet Hydyrow 18-nji maýda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky degişli edaralaryň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşdy. Çärä Hytaý Halk Respublikasynyň jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri Wan Sýaohun, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň içeri işler ministrleri hem gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylary Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew kabul etdi.
«Akordanyň» ýazmagyna görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, transmilli jenaýatçylyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, kiberjenaýatçylyga we ekstremizme garşy göreşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gazagystanyň Prezidenti möhüm ulag we söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň transmilli jenaýatçylykly toparlaryň ýokary üns merkezinde galýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol tagallalary birleşdirmäge, maglumat alyşmaga we hukuk goraýjy edaralaryň işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga çagyrdy.
Kiberhowpsuzlyk ulgamyndaky wehimlere aýratyn üns berildi. Gazagystanyň Lideriniň bellemegine görä, jenaýatçylykly düzümler bikanun işleri utgaşdyrmak we nädogry maglumatlary ýaýratmak üçin maglumat tehnologiýalaryny has işjeň ulanýarlar.
Duşuşyga gatnaşyjylar özara amaly hereketleri giňeltmek, operatiw maglumat alyşmagy berkitmek we formata agza ýurtlarynyň edaralarynyň arasynda hünär gatnaşyklaryny ösdürmek baradaky meýillerini tassykladylar.