"Colvir": Sanly hyzmatlar Türkmenistanyň maliýe pudagynyň ösüşiniň hereketlendirijisine öwrülýär

Written on

Onlaýn bank hyzmatlary we mobil hyzmatlar Türkmenistanyň maliýe pudagyny ösdürmegiň iň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Bu barada “Colvir Software Solutions” kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy Denis Ýudiniň aýdanlaryna salgylanyp, Trend agentligi penşenbe güni habar berdi.

Bilermeniň aýtmagyna görä, bu çözgütler häzirki zaman bank modeliniň aýrylmaz bölegine öwrülip, hyzmatlara islendik wagtda we islendik enjam arkaly elýeterliligi üpjün edýär. Sanly çeşmeler banklaryň müşderi binýadynyň giňelmegine we girdejileriniň artmagyna itergi berýär.

Denis Ýudin iň möhüm ugurlaryň hatarynda töleg infrastrukturasynyň ösüşiniň, şol sanda dessine we QR-töleg ulgamlarynyň, halkara hasaplaşyklaryň hem-de ISO 20022 standartlarynyň bardygyny aýdyp, bu gurallaryň nagt däl amallaryň paýyny artdyrmaga we işewürlik hem-de ilat üçin hasaplaşyklary ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýändigini nygtady.

Habarda bellenilişi ýaly, gysga möhletde maýa goýum önümlerine hem-de emeli aň esasly çözgütlere bolan gyzyklanmanyň artmagyna garaşylýar. Emeli aňy ornaşdyrmak amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we hyzmatyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

“Colvir Software Solutions” kompaniýasynyň işewürligi ösdürmek bölüminiň ýolbaşçysy sanlylaşdyrmagyň diňe müşderi hyzmatlaryny däl, eýsem banklaryň infrastrukturasy, şol sanda maglumatlary dolandyrmak we maglumat goragy ulgamlaryny hem öz içine alýandygyny belledi.

“Colvir Software Solutions” — 2000-nji ýylda döredilen britan IT kompaniýasy bolup, ol banklar hem-de maliýe guramalary üçin çözgütleri işläp taýýarlaýar.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.