“Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestiniň hünärmenleri 110 sany guýyny gaýtadan dikeltdiler

Written on

“Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestiniň garamagyndaky müdirlikleriň abatlaýjylary şu ýylyň geçen üç aýynda önüm bermesini kemelden 110 sany guýyny gaýtadan dikeldip, nebit çykaryjylara ulanyşa tabşyrdylar.

Hasabat döwründe önüm bermesini kemelden guýulary dikeltmek boýunça meýilnama 105,8 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ykdysady görkezijileriň hasabyna tutuş trest boýunça gürrüňi edilýän döwürde goşmaça alnan nebitiň möçberi 24 müň tonna golaýlady.

Şeýle-de ýylyň başyndan bäri goşmaça alnan mawy ýangyjyň möçberi 28 müň kub metre golaý boldy.

If you want to learn more about our services or have any questions, please contact us.